" Musulmanlary mukaddes Remezan aýynyň başlamagy bilen mähirli gutlaýaryn"

Guterreş Remezan aýynyň düşümli bolmagyny arzuw etdi.

1404070
" Musulmanlary mukaddes Remezan aýynyň başlamagy bilen mähirli gutlaýaryn"

 

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, “Dünýäniň çar tarapyndaky millionlarça musulmany mukaddes Remezan aýynyň başlamagy bilen mähirli gutlaýaryn” diýdi.

Guterreş beren ýazmaça beýanatynda, Remezan aýynyň düşümli bolmagyny arzuw etdi.

“Dünýäniň çar tarapynda ýaşaýan millionlarça musulmany, mukaddes Remezan aýynyň başlamagy bilen mähirli gutlaýaryn” diýen Gutarreş “Şu ýyl Remezan aýy elbetde tapawutly bolar. Koronawirus epidemiýasynyň çäginde görlen çäreler tebigy ýagdaýda Remezan aýyna hem öz täsirini ýetirer” diýdi.

 


Etiketkalar: #gutlag , #Baş sekretar , #BMG , #remezan

Degişli Habarlar