ÝPG/PKK-a agza terrorçylar Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitine girmäge synanyşdy

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitine girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar bilen Siriýanyň Milli goşunyna degişli esgerleriň arasynda ýaragly çaknyşyk ýüze çykdy

1403143
ÝPG/PKK-a agza terrorçylar Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitine girmäge synanyşdy

Türkiýäniň Şanlyurfa welaýatynyň Jeýlanpynar etrabynyň golaýynda, serhediň Siriýa tarapynda ýerleşýän Raselaýn etrabynyň merkeziniň günortasyndaky Tel Temyr diýilen ýeriň golaýynda terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar, Siriýanyň Milli goşunyna degişli esgerler tarapyndan goralýan liniýalary geçmäge synanyşdylar. 

Şol sebäpli Siriýanyň Milli goşunyna degişli esgerler bilen terror guramasynyň agzalarynyň arasynda ýaragly çaknyşyk ýüze çykdy. 

Berk çaknyşyklaryň bolan sebitde, Siriýanyň Milli goşunyna degişli esgerler terror gurama agza terrorçylaryň hüjümini yzyna serpikdirdiler. 

Ýewfrat derýasynyň gündogarynda basyp alyjylyk hereketlerini dowam etdirýän terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar, howpsyz zolagyň düzümindäki Raselaýn we Tel Abýad sebitlerine ýygy-ýygydan hüjüm guraýar. 

Türkiýe 2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky terror guramalaryna garşy başladan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň çäginde 12-nji oktýabrda Raselaýn etrabynyň merkezini ÝPG/PKK-a agza terrorçylardan saplapdy. 



Degişli Habarlar