Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň demirgazygyndaky Sari Pul welaýatynda, Talibanly başbozarlaryň 3 aýry ýere guran hüjüminde 11 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy

1403278
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Sari Pul welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Zabihullah Amani, Talibana agza terrorçylaryň Sari Pul welaýatynyň merkezine, Sançarak we Suzma Kale etraplaryna şol bir wagtyň özünde hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Hüjümde 11 howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny aýdan Amani, 19 howpsuzlyk gullukçysynyň bolsa ýaralanandygyny we biriniň bolsa Taliban tarapyndan zamun alynandygyny mälim etdi.

Amani, hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda Talibanyň hem agyr ýitgiler çekendigini aýan etdi.

Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen bagly entek beýanat berilmedi. 



Degişli Habarlar