Koronawirus ýokaşanlaryň sany 2 million 560 müň 63 adamdan geçdi

Günorta Koreýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 237, hasaba alynanlaryň sany 10 müň 694 adama ýetdi

1403306
Koronawirus ýokaşanlaryň sany 2 million 560 müň 63 adamdan geçdi

 

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 177 müň 708, wirus ýokaşanlaryň sany 2 million 560 müň 63 adamdan, sagalanlaryň sany bolsa 700 müň adamdan geçdi.

Hytaýda koronawirus sebäpli 4 müň 632 adam ýogaldy, 82 müň 788 adam hem hasaba alyndy.

Günorta Koreýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 237, hasaba alynanlaryň sany 10 müň 694 adama ýetdi.

Ýaponiýanyň Nagazaçi şäherinde baran İtaliýa degişli ýolagçy gämisiniň 34 işgärine koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy.

Ysraýylda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 197, hasaba alynanlaryň sany bolsa 13 müň 930 adama ýetdi.

Pakistanda koronawirus sebäpli 209 adam ýogaldy, 9 müň 749 adam hem hasaba alyndy.

Afrikada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1160, wirus ýokaşanlaryň sany 23 müň 807 adama ýetdi. 5 müň 909 adam hem sagaldy.

 



Degişli Habarlar