Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 47 adam ýogaldy

Günbatar Afrika ýurdy bolan Nigeriýanyň demirgazyk-günbatarynda guralan ýaragly hüjümlerde 47 adam ýogaldy

1401407
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 47 adam ýogaldy

Katsina şäheriniň Içeri işler edarasynyň müdüri Gambo Isa ýerli metbugata beren beýanatynda, şahsyýeti näbelli bolan ýaragly adamlar tarapyndan Dutsinma, Danmusa we Safana sebitlerinde hüjümler guralandygyny habar berdi. 

Gambo Isa hüjümlerde 47 adamyň ýogalandygyny, köp sanda adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Ýaralanan adamlaryň hassahana ýatyrylandygyny aýdan Isa, hüjümlerden soň sebitde gury ýerden we howadan operasiýalaryň başlandygyny mälim etdi. 

Milli metbugatda berilýän habarlarda bolsa ýaragly adamlaryň ozal ştatda ýaragly hüjüm guramak isländigini, emma halkyň olara rugsat bermändigini aýan etdi. 

Şol sebäpli ar almak maksatly guralandygy çak edilýär. 

Nigeriýanyň demirgazyk-günbatarynda maldarçylyk bilen meşgullanýan fulaniler bilen ekerançylyk bilen meşgullanýan taýpalaryň arasynda wagtal-wagtal çaknyşyklar başdan geçirilýär. 

Mallaryny bakmak üçin ýurdyň günortasyna göçen fulaniler, daýhanlaryň olaryň mallaryny almaga synanyşýandygyny we özlerine hüjüm guraýandygyny öňe sürýär. 

Ýaragly toparlar bolsa bu dartgynlyklardan peýdalanyp, hüjümler guraýar. 



Degişli Habarlar