Siriýanyň Raselaýn etrabynda Türkiýä çenli uzap gidýän tunel tapyldy

Tuneliň içinde birnäçe tapawutly bölüm bar

1398707
Siriýanyň Raselaýn etrabynda Türkiýä çenli uzap gidýän tunel tapyldy

Siriýanyň Milli goşunynyň düzümindäki esgerler, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-dan saplanan Siriýanyň Raselaýn etrabynyň merkezinde geçiren gözleg işlerinde, Türkiýä çenli uzap gidýän tunel tapdylar. 

Siriýanyň Milli goşunynyň düzümindäki esgerler, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen terrorçylardan saplanan Tel Abýad we Raselaýn etraplaryndaky gözleg we saplaýyş işlerini dowam etdirýärler. 

Gözleg we saplaýyş işleriniň netijesinde, terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan gazylan, emma Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebäpli doly tamamlanmadyk täze bir tunel tapyldy. 

Takmynan 500 metr uzynlygyndaky tunel, Raselaýn etrabynyň merkezinden Şanlyurfa welaýatynyň Jeýlanpynar etrabyna çenli uzaýar. Tuneliň Türkiýe tarapyndaky böleginiň doly tamamlanmadygy mälim edildi. 

Tunele, Raselaýn etrabynda Türkiýe serhediniň golaýyndaky öýleriň birinden girilýär. 

Tuneliň içinde birnäçe tapawutly bölüm bar. 


Etiketkalar: #Şanlyurfa , #Türkiýe , #tunel

Degişli Habarlar