Zaharowa Trampyň BSGG-na berýän goldawyny bes etmek hakyndaky kararyny tankyt etdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Mariýa Zaharowa “TASS” habarlar gullugyna beýannama berdi

1398640
Zaharowa Trampyň BSGG-na berýän goldawyny bes etmek hakyndaky kararyny tankyt etdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Mariýa Zaharowa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna berýän maliýe serişdesini bes etmek hakyndaky kararynyň ýerliksizdigini beýan etdi.

Zaharowa “TASS” habarlar gullugyna beren beýannamasynda ABŞ-da syýasatçylaryň “elmydama günäkärlemäge birini tapýandygyny” öňe sürdi.

ABŞ-nyň Hytaýy we BSGG-ny täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli günäkärleýändigini nygtan Zaharowa: “ Hillari Klintonyň ýeňilişi sebäpli Russiýany, ABŞ-nyň saglygy goraýyş pudagyndaky meseleler sebäpli bolsa gönüden Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini günäkärleýärler. ABŞ üçin esasy zat öz günäsizligini subut etmek üçin toslama deliller bilen günä tapmak” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rybakow bolsa resmi Waşingtonyň düýn kabul eden kararynyň iňňän aladalandyryjydygyna ünsi çekip: “Ol, amerikaly resmileriň epidemiýa sebäpli dünýäde başdan geçirilýänlere men-menlik bilen çemeleşýändigini görkezýär. Halkara jemgyýetçiliginiň gün tertibinde esasy orun tutýan günlerinde bu gurama urlan bu zarba ýazgarylmaly we tankyt edilmeli” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp düýn beren beýannamasynda BSGG-nyň Hytaýyň adyndan işleýändigini we epidemiýa meselesinde başdan sowma çemeleşendigini öňe sürüp, ýurduň gurama berýän maliýe goldawyny bes edendiklerini aýdypdy.



Degişli Habarlar