Hytaýda koronawirusa garşy oýlanyp tapylan sanjymyň synaglarynyň ikinji tapgyry başlady

Hytaýda täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy özgerdilen sanjymyň kliniki derejedäki synaglarynyň ikinji tapgyryna başlandy

1397722
Hytaýda koronawirusa garşy oýlanyp tapylan sanjymyň synaglarynyň ikinji tapgyry başlady

Çaýna Deily gazdinde berilen habarlara görä, Hytaýyň Harby Lukmançylyk akademiýasynyň Biotehnologiýa institutynda iş alyp barýan ylmy işgärler tarapyndan oýlanyp tapylan sanjymyň 2-nji tapgyr kliniki derejedäki synaglaryna, geçen hepdäniň penşenbe güni epidemiýanyň ýüze çykan ýeri bolan Uhan şäherinde başlandy. 

Sanjymyň täsirli bolup-bolmandygyny görmek maksady bilen ilkinji tapgyrda birnäçe adamdan ybarat meýletinlerde synagdan geçirilen sanjym, 2-nji tapgyrda bolsa has köp meýletin adamda synagdan geçirilmegi maksat edinilýär. 

Sanjymyň kliniki derejede synagdan geçirilmegine 17-nji martda rugsat berilipdi, synagyň ilkinji tapgyry mart aýynda tamamlanypdy. 

Synagyň 2-nji tapgyrynyň hem üstünlikli geçen halatynda 3-nji tapgyrda 1000-den gowrak meýletin adamda synagdan geçirilmegine garaşylýar. 


Etiketkalar: #synag , #meýletin , #sanjym , #Hytaý

Degişli Habarlar