ABŞ-da howanyň hapalygy azaldy
NASA-nyň resmile mesele bilen bagly beýanat berdiler

ABŞ-da koronawirusa garşy göreşiň çäginde, halkyň aglaba böleginiň hökümetiň "öýüňde gal" çagyryşyna gulak asmagy netijesinde, ýurdyň uly şäherlerinde howanyň hapalyk derejesi 30 göterim azaldy.
NASA-nyň internet saýtynda çap edilen Goddard emeli hemra uçuryş merkeziniň berýän habaryna görä, ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegindäki uly şäherlerde howanyň hapalyk derejesiniň, mart aýynda soňky 4 ýylyň ortça görkezijileri bilen deňeşdirilende 30 göterim peselendigi mälim edildi.
NASA-nyň resmileri, azot dioksidiniň transport we elektrik tok önümçilik üçin sarp edilýän ýangyçlardan emele gelýändigini belläp, howanyň hapalyk derejesindäki peselmäniň koronawirus sebäpli adamlaryň gündelik durmuşyndaky hereketleriniň üýtgändiginiň görkezijisidigine ünsleri çekdi.
Boston, Nýu-Ýork we ýurdyň paýtagty Waşington şäherlerindäki howanyň hapalyk derejesiniň peselmeginiň wagtlaýyndygyna ünsleri çeken resmiler, öýüňde galmak baradaky çagyryşyň ortadan aýrylmagyndan soň howanyň hapalyk derejesiniň ozalky görkezijilerine gaýdyp geljekdigini belleýärler.
Degişli Habarlar

Taýwanda söwda merkezinde partlama boldy
Taýwanyň Taýçžun şäherindäki söwda merkezinde bolan partlamada 5 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy