Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 100 müňden geçdi

Dünýä boýunça koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 100  müňden, hasaba alynanlaryň sany 1,700 müňden, sagalanlaryň sany bolsa 350 müň adamdan geçdi

1395947
Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 100 müňden geçdi

Ysraýylda täze görnüş koronawirus sebäpli aradan çykanlaryň sany 95 adama ýetdi. Saglygy goraýyş ministrligi ýene-de 10,095 adama wirusyň ýokaşandygyny beýan etdi.

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany Alžirde 256 adama, Müsürde 135 adama, Marokkoda 107 adama ýetdi. Koronawirus epidemiýasy dowam eden halatynda orazada tarawa namazlarynyň bes ediljekdigini habar beren Saud Arabystanynda aradan çykanlaryň sany 47, wirusa ýoluganlaryň sany 3651 adama ýetdi. Tunisde jemi 671 adam hasaba alyndy.

Singapurda 198 adama wirusyň ýokaşandygy habar berildi. 5,6 millipn ilatly Singapurda häzirki wagta çenli 2,108 adama hasaba alyndy, 7 adam ýogaldy.

Wirusyň ýaýran ýeri bolan Hytaýda epidemiýa sebäpli düýn 3 adam ýogaldy, ýene-de 46 adam hasaba alyndy. Şeýlelikde ýurtda epidemiýada häzirki wagta çenli çekilen adam pidasy 3,339 adama ýetdi. Hytaýda sagalanlaryň sany bolsa 77,525 adama ýetdi.

Ýemeniň wagtlaýyn paýtagty Aden koronawirusa garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde ähli geliş-gidişlere ýapyldy. Ýurduň gündogaryndaky Hadramewt welaýatynda anna güni irden koronawirus sebäpli ilkinji adamyň hasaba alynandygy habar berilipdi.



Degişli Habarlar