"Ikinji tapgyr birinji tapgyra görä has agyr geçer

Prezident Hasan Ruhani Ministrler kabinetiniň mejlisinde çykyş etdi

1393882
"Ikinji tapgyr birinji tapgyra görä has agyr geçer

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, käbir kärhanalaryň 11-nji aprelde şenbe güni açylmagy bilen koronawirusa garşy göreşde ikinji tapgyra geçiljekdigini emma ikinji tapgyryň birinji tapgyra görä has agyr geçjekdigini aýtdy.

Prezident Hasan Ruhani paýtagt Tähranda geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda, koronawirusa garşy göreşiň birinji tapgyrynyň anna gününe çenli dowam etmeginiň göz öňünde tutulýandygyny nygtap, “Şenbe güni has agyr tapgyr başlar. Halka epidemiýa sebäpli öýüňizden çykmaň diýmek we halkyň hem daşary çykmazlygy hökümet üçin has aňsat emma bu mümkin däl. Käbir raýatlarymyz önümçiligiň dowam etdirilmegi üçin daşary çykmaly” diýdi.

Ruhani “Şenbe gününden başlap ikinji tapgyryň başlamagy bilen koronawirusa garşy göreşde täze tapgyra geçilýändigi üçin halkyň goldawyna garaşýarys. Bu tapgyr ozalky tapgyra görä has agyr bolar. Bu tapgyrda maliýe işlerimizi hem koronawirusa garşy göreş bilen birlikde mümkinçiliklerimize görä dowam etdirmek isleýäris. Birinji tapgyr öýde bolmak we daşary çykmazlyk tapgyrydy, ikinji tapgyr bolsa ykdysady göreşi dowam etdirme tapgyry bolar” diýdi.

Eýranyň Prezidenti, epidemiýanyň ýurtda käbir kynçylyklaryň başdan geçirilmegine sebäp bolandygyny nygtap; “Muňa garamazdan saglygy goraýyş we kesellileriň bejerilişi taýdan uly öňe gidişlikler edildi. Şu günki günde keseliň anyklanylmagy üçin ýeterlik enjamlarymyz bar” diýdi.

 



Degişli Habarlar