Eýranyň Prezidenti Halkara Pul gaznasyna çagyryş berdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Halkara Pul gaznasyna ýurtlara kredit berilmeginde diskraminasiýa edilmezlik barada çagyryş berdi

1393957
Eýranyň Prezidenti Halkara Pul gaznasyna çagyryş berdi

Halkara Pul gaznasyna Eýranyň koronawirus epidemiýasyna garşy göreş üçin talap eden 5 milliard dollarlyk gyssagly karzyň berilmegi barada çagyryş beren Hasan Ruhani: "Halkara guramalaryny wezipelerini dogry ýerine ýetrmekleri barada duýduryş berýärin. Biz Halkara Pul gaznasyna agzadyrys. Kredit berilýän mahaly diskraminasiýa ýol berilmeli däl" diýip belledi. 

Hasan Ruhani mundan başgada, ABŞ-nyň Eýrana garşy goýan sanksiýalaryny ykdysady we lukmançylyk terrorizmi hökmünde häsýetlendirdi.  

Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy Abdunnasyr Himmeti, 12-nji martda Halkara Pul gaznasyndan koronawirusa garşy göreş maksady üçin ulanyljak 5 milliard dollar kredit talap edendiklerini habar beripdi. 

Eýranda koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 3 müň 872-ä, wirusa ýolugan adamlaryň sany bolsa 62 müň 589-a ýetdi. 



Degişli Habarlar