Dünýäde Kovid-19 ýokan adamlaryň sany 1 million 285 müň adamdan geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýogalan adamlaryň sany 70 müňden geçdi, wirus ýokan adamlaryň sany bolsa 1 million 285 müňden geçdi

1392318
Dünýäde Kovid-19 ýokan adamlaryň sany 1 million 285 müň adamdan geçdi

 

Liwiýanyň ozalky Premýer ministri Mahmud Jibril, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogaldy. Müsüriň mediasynda berilen habara görä, Mahmud Jibril, 27-nji martda Müsüriň paýtagty Kair şäherinde täze görnüş koronawirus testiniň netijesiniň položitel çykmagyndan soň bejergi astyna alynypdy. Saglyk ýagdaýy düýn agyrlaşan Mahmud Jibril, edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi we ýogaldy. 

Eýranda soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 136 adam artyp, jemi 3 müň 739-a ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 47 adam ýogalan Russiýada 3 pastoryň Kovid-19 testiniň položitel çykmagyndan soň, ybadathanada geçirilen dini çärä gatnaşan ähli beýleki adamlaryň hem izolirlenmeginiň gerekdigi mälim edildi. Russiýada koronawirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda ýene-de 954 adam artyp, jemi 6 müň 343-e ýetdi. 

Koronawirusa ýolugan adamlaryň sany Saud Arabystanynda 2 müň 463-e, BEA-de 1 müň 789-a, Iordaniýada 345-e, Palestinada bolsa 252-ä ýetdi. 

Marokkoada Kovid-19 sebäpli ýene-de 1 adam ýogaldy we şeýlelik bilen koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 71 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýolugan adamlaryň sany 1 müň 113-e ýetdi. 

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, wirus ýokan ýene-de 1 adamyň ýogalandygy, şeýlelik bilen ýurtda koronairus sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň 19-a ýetendigi habar berildi. Beýanatda ýurtda wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň 541-e ýetendigi aýan edildi. 

Kuweýdiň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Abdullah Es-Sened, ýurtda koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň 665 adama ýetendigini mälim etdi. 

Omanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýurtda koronawirusa ýolugan adamlaryň sanynyň 331-e ýetendigini beýan etdi.

Ýaponiýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 104 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 4 müň 570 adama ýetdi. 

6 adamyň ýogalan Singapurda, wirusa ýoluganlaryň sany 1309 adama ýetdi. 

Şri-Lankada koronawirus epidemiýasy sebäpli geçen aý ýurdyň 6 uly şäherinde yglan edilen köçän çykmak gadagançylygynyň möhledi ýene-de 2 hepde uzadyldy.

Ysraýylda Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany 51-e, wirus ýokan adamlaryň sany bolsa 8 müň 611-e ýetdi. 

Günbatar Afrika ýurdy bolan Liberiýada Kovid-19 sebäpli ilkinji gezek 1 adam ýogaldy. Ýurtda häzirki wagta çenli 13 adam Kovid-19 wirusy bilen keselledi. 

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli 50 adamyň ýogalan Pakistanda, ýurdyň tussaghanalarynda tussaglykda bolan 49 adamda Kovid-19 bardygy anyklanandygyny habar berdi. 

209 adamyň ýogalan Indoneziýada Kovid-19-a ýolugan adamlaryň sany 1 günde ýene-de 218 adam artyp, 2 müň 491-e ýetdi. 

Hindistanda bolsa otlylaryň biri Kovid-19-a ýolugan adamlar üçin aýryldy. Otlyda her dürli lukmançylyk enjamlarynyň we dermanlarynyň bardygy beýan edildi. 

 


Etiketkalar: #wirus , #dünýä

Degişli Habarlar