Dünýäde koronawirus ýokaşanlaryň sany 1 million 200 müň adamdan geçdi

Ýemende Husiler epidemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen zamun alynan 1600 adamy boşatdy

1391435
Dünýäde koronawirus  ýokaşanlaryň sany 1 million 200 müň adamdan geçdi

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 64 müň, wirus ýokaşanlaryň sany 1 million 200 müň, sagalanlaryň sany bolsa 246 müň adamdan geçdi.

Ýaponiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 95, hasaba alynanlaryň sany 4 müň 209 adama ýetdi.

Pakistanda epidemiýa sebäpli 40 adamyň ýogalandygy, 3 müňe golaý adamyň hem hasaba alynandygy habar berildi.

Marokkoda wirus sebäpli 58 adam ýogaldy, koronawirus ýokaşanlaryň sany 883 adama ýetdi.

Alžirde koronawirus sebäpli 25 adam ýogaldy, 130 adam hasaba alyndy.

Liwanda epidemiýa sebäpli 17 adam ýogaldy, 520 adama hasaba alyndy.

Tunisde bolsa koronawirus sebäpli 19 adamyň ýogalandygy, wirus ýokaşanlaryň sanynyň hem 553 adama ýetendigi mälim edildi.

Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Günbatar Şeria bilen gabaw astyndaky Gaza sektorynda  wirus ýokaşanlaryň sany 217 adama ýetdi.

Omanda 72 ýaşyndaky erkek adamyň koronawirus sebäpli ýogalmagy bilen ýurtda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 2 adama ýetdi.

Ýemende Husiler epidemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen zamun alynan 1600 adamy boşatdy.

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany Müsürde 71, Yrakda 56 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar