Ýemendäki Husileriň Saud Arabystanyna guran hüjüminde dört adam ýogaldy

Saud Arabystany tarapyndan bolsa waka bilen bagly entek beýanat berilmedi

1391112
Ýemendäki Husileriň Saud Arabystanyna guran hüjüminde dört adam ýogaldy

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husiler toparynyň Saud Arabystanynyň Sada welaýatyna raketa bilen guran hüjüminde şol bir maşgaladan 4 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Husilere degişli El-Mesire telewideniýesinde berilen habarlarda, Saud Arabystanynyň Sada welaýatynyň Razih etrabynyň Beni Saýýah diýilen ýerine raketa bilen hüjüm guralandygy beýan edildi. 

Hjümüde şol bir maşgaladan 2-si çaga jemi 4 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Saud Arabystany tarapyndan bolsa waka bilen bagly entek beýanat berilmedi. 



Degişli Habarlar