Ýewropa ýurtlarynyň arasynda maska krizisi…

ÝB-ne agza 4 ýurduň Şwesiýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň we Ispaniýanyň arasynda maska krizisi ýüze çykdy

1390830
Ýewropa ýurtlarynyň arasynda maska krizisi…

 

Koronawirus epidemiýasy howply bolmaga dowam edýär. Wirusa garşy göreşýän ÝB-ne agza 4 ýurduň Şwesiýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň we Ispaniýanyň arasynda maska krizisi ýüze çykdy.

Şwesiýaly Mölnlyk firmasynyň resmi internet saýtynda berlen beýanatda, Hytaýdan Ispaniýa we Italiýa ugradylmak üçin import edilen millionlarça maska bilen elligi Fransiýanyň eýeçiligine geçirendigi nygtaldy.

Firmanyň Baş müdüri Twomeý, ady agzalýan lukmançylyk enjamlarynyň Fransiýanyň üst aşyr Italiýa we Ispaniýa ugradyljakdygyny nygtap “Fransiýa saglygy goraýyş enjamlarynyň eksportyny gadagan etdi. Öz enjamlary bolmandygyna garamazdan maskalary we ellikleri eýeçiligine geçirdi. Bu diýseň gelşiksiz hereket” diýdi.

Twomeý, Fransiýanyň garaşylmadyk hereketi sebäpli firmanyň mundan soň Hytaýdan aljak lukmançylyk enjamlaryny Belgiýanyň üsti bilen Italiýa we İIpaniýa ugratjakdyklaryny ýatlatdy.

Beýleki tarapdan “Huffington Postuň” geçen hepde beren habaryna Hytaýdan alynan we Germaniýanyň üsti bilen İtaliýa ugradyljak maskalary Germaniýanyň eýeçiligine geçirendigi nygtalypdy.

 



Degişli Habarlar