Donald Tramp nebit bazarlary bilen baglanşykly beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp: "Saud Arabystanynyň we Russiýanyň nebit önümçiliklerini gündelik 10 million barrele, belkem has hem azaltmaklaryna garaşýarys, umyt edýäris" diýdi

1390416
Donald Tramp nebit bazarlary bilen baglanşykly beýanat berdi

Donald Tramp, sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Gysga wagt ozal dostum Saud Arabystanynyň mirasdar şazadasy Muhammed Bin Selman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdim. Ol hem öz gezeginde Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Saud Arabystanynyň we Russiýanyň nebit önümçiliklerini gündelik 10 million barrele, belkem has hem azaltmaklaryna garaşýarys, umyt edýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar