Talibanyň wekilleri 18 ýyl aradan soň Kabulda

Owganystanda Taliban hökümetiniň 2002-nji ýylda agdarylmagynan soň, ilkinji gezek Talibana agza 3 adamlyk wekiliýet zamun çalşygyny maslahatlaşmak üçin Kabula bardylar

1389344
Talibanyň wekilleri 18 ýyl aradan soň Kabulda

Owganystanyň Milli howpsyzlyk şurasy tarapyndan berilen beýanatda, Talibanyň wekiliýeti bilen owgan resmileriniň arasynda ilkinji tehniki gepleşikleriň geçirilendigi habar berildi. 

Zamun çalşygy bilen bagly meseleleriň ele alynandygy mälim edilen beýanatda, gepleşikleriň gowy geçendigi we ertir hem dowam etjekdigi aýan edildi. 

Gepleşiklere Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň wekilleriniň hem gatnaşandygy habar berildi. 

Düýn geçirilmegi meýilleşdirilen zamun çalşygynyň Talibanyň wekiliýetiniň Kabula gitmek gününiň näbelli bolmagy sebäpli yza süýşürilendigi mälim edilipdi. 


Etiketkalar: #Kabul , #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar