Ruhani: "Koronawirus epidemiýasy ABŞ-e sanksiýalary aýyrmak üçin mümkinçilik berdi"

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň ABŞ-nyň hökümetine sanksiýalary aýyrmak üçin taryhy bir mümkinçilik berendigini habar berdi

1389216
Ruhani: "Koronawirus epidemiýasy ABŞ-e sanksiýalary aýyrmak üçin mümkinçilik berdi"

Hasan Ruhani, ýurdyň paýtagty Tähranda Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatyndan soň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi. 

Eýranda Hytaýyň ýola goýan karantin çäreleriniň ýurdunda hem ýola goýulmagy üçin hökümete garşy basyşlar edilýändigini aýdan Ruhani: "Hytaýyň usuly, dünýäniň başga hiç bir ýurdunda edilmedi. Bu karantin usuly Hytaýdan başga hiç bir ýerde ýola goýulyp bilinmez" diýip belledi. 

Hasan Ruhani, Eýrandaky epidemiýanyň iň uly ýitgisiniň geçen hepde geçendigi baradaky habarnamanyň özüne görkezilendigini belläp: "Welaýatlardaky ýagdaý bilen baglanşykly okan habarnamam, gürrüňsiz bir ýagdaýda epidemiýanyň ähli welýatlarynda täsiriniň azalandygyny görkezýär. Bu bolsa lukmanlarymyzyň, hünärmenlerimiziň we raýatlarymyzyň saýlan ýolunyň dogrudygyny görkezýär" diýip nygtady. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo düýn beren beýanatynda, Waşingtonyň Eýrana we koronawirusa garşy alyp barýan beýleki ýurtlara garşy goýan sanksiýalaryny ýeňilletmek ähtimallygynyň üstünde durup geçipdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #koronawirus

Degişli Habarlar