Koronawirus ýokaşanlaryň sany 883 müň adamdan geçdi

Sagalanlaryň sany 176 müň adama ýetdi

1389440
Koronawirus ýokaşanlaryň sany  883 müň adamdan geçdi

 

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 44 müň, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 883 müň adamdan geçdi. Sagalanlaryň sany hem 176 müň adama ýetdi.

Italiýada soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 837 adam artyp 12 müň  428 adamdan geçdi.  Hasaba alynanlaryň sany 77 müň 635 adama ýetdi.Wirus sebäpli ýogalanlaryň lukmanlaryň sany hem 66 adama ýetdi. Saglygy goraýyş ministri Roberto Speranza ýurtda 10-njy martda yglan edilen karantinanyň möhlediniň 13-nji aprele çenli uzadylandygyny mälim etdi.

Ispaniýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 864 adam artyp, 9 müň 53 adama ýetdi.  Hasaba alynanlaryň sany 100 müň adamdan geçdi

Fransiýada koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda 499 adamyň ýogalmagy bilen ýogalanlaryň sany 30523, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 52 müň 128adama ýetdi. Ýolbaşçylar oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirlen Pariž Awtoulag sergisiniň epidemiýa sebäli goý bolsun edilendigini mälim etdi.

Britaniýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 563 adam artyp 2352 adama ýetdi. 13 ýaşyndaky İsmail Mohamed Abdulwahaw ýurtda koronawirus sebäpli ýogalan ilkinji çaga boldy. Premýer ministr Boris Jonson halka ýazan hatynda ýagdaýyň ilki has agyrlaşyp biljekdigini nygtady.Ýurtda koronawirusa garşy görlen berk çäreleriň dowam etjekdigi nygtalýar. Koronawirus ýokaşanlaryň we ýogalanlaryň sanynyň geljek 2-3 hepde has-da artmagyna garaşylýar.

Gresiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 43, hasaba alynanlaryň sany 1212 adama ýetdi.

Awstaliýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 20, hasaba alynanlaryň sany 4800 adama ýetdi.

Belgiýada koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 1189 adam artyp 13 müň 984 adama, ýogalanlaryň sany hem 123 adam artyp 828 adama ýetdi

ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany  soňky 24 sagatda 920 adam artyp 4090 adama ýetdi. Wirus ýokaşanlaryň sany 25 müň 23 adam artyp 189 müň 633 adama ýetdi. Prezident Donald Tramp ýurdundaky koronawirus hakynda beren beýanatynda “Öňümizdäki 2 hepde agyr geçer” diýdi.

Dominik Respublikasynda soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 9 adam artyp 51 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 1109 adama ýetdi.

Ekwadorda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 75, hasaba alynanlaryň sany bolsa 2240 adama ýetdi.

Kubada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 6, wirus ýokaşanlaryň sany 186 adama ýetdi.

Polşada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 35, hasaba alynanlaryň sany 2347, Albaniýada ýogalanlaryň sany 15, hasaba alynanlaryň sany 259, Latwiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 8, hasaba alynanlaryň sany 581, Sloweniýada ýogalanlaryň sany 15, hasaba alynanlaryň sany 841, Estoniýada ýogalanlaryň sany 4, hasaba alynanlaryň sany 779, Bosniýa-Gersogowinada ýogalanlaryň sany 13, hasaba alynanlaryň sany 448, Bolgariýada ýogalanlaryň sany 8, hasaba alynanlaryň sany 412, Norwegiýada ýogalanlaryň sany 39, hasaba alynanlaryň sany 4651, Serbiýada ýogalanlaryň sany 23, hasaba alynanlaryň sany 900, Horwatiýada ýogalanlaryň sany 15, hasaba alynanlaryň sany 867, Demirgazyk Makedoniýada ýogalanlaryň sany 9, hasaba alynanlaryň sany 329, Kosowada ýogalanlarň sany 1, hasaba alynanlaryň sany 112, Wengriýada ýogalanlaryň sany 20, hasaba alynanlaryň sany 525, Ruminiýada ýogalanlaryň sany 85, hasaba alynanlaryň sany 2245 adama ýetdi.



Degişli Habarlar