Kongo Respublikasynyň ozalky Prezidenti koronawirusdan ýogaldy

81 ýaşynda ýogalan Opango, eýýäm ençeme ýyl bäri biri-birinden tapawutly hassahanalarda bejeri alýardy

1388552
Kongo Respublikasynyň ozalky Prezidenti koronawirusdan ýogaldy

Kongo Respublikasyny 1977-1979-njy ýyllar aralygynda dolandyran ýurdyň ozalky prezidenti Žak-Žoaşen Ýombi Opango, täze görnüş koronawirus sebäpli ýogaldy. 

Opangonyň ogly Žan-Žoaşen Ýombi Opango, kakasynyň düýn Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheriniň golaýyndaky Neýi-Sýur-Sendäki Amerikan hassahanasynda Kovid-19 sebäpli ýogalandygyny habar berdi. 

Kongo döwlet telewideniýesi Tele Kongo, Opangonyň ýogalandygyny tassyklady. 

81 ýaşynda ýogalan Opango, eýýäm ençeme ýyl bäri biri-birinden tapawutly hassahanalarda bejeri alýardy. 


Etiketkalar: #Prezident , #koronawirus , #Kongo

Degişli Habarlar