Tramp, koronawirus sebäpli karantina alynan Britaniýanyň Premýer ministrine şypa diledi

Özüni karantina alan Jonson, hkümetiň işlerini sagalýança wideo konferensiýa arkaly dowam etdirer

1386669
Tramp, koronawirus sebäpli karantina alynan Britaniýanyň Premýer ministrine şypa diledi

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donal Tramp, koronawirus ýokaşandygy üçin karantina alynan Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsona telefon edip şypa diledi

Ak Tamdan berlen beýanata görä, Tramp bilen Jonson telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Tramp, Jonsona ýakyn dostlugy üçin sag bolsun aýtdy we şypa diledi.

Britaniýanyň Premýer ministri Jonson düýn Twitterden beren wideo ýüzlenmesine geçirlen barlagdan soň özüne koronawirusyň ýokaşandygynyň anyklanylandygyny aýdypdy.

Özüni karantina alandygyny aýdan Jonson, hkümetiň işlerini sagalýança wideo konferensiýa arkaly dowam etdirjekdigini nygtapdy.

 

 



Degişli Habarlar