Koronawirus ýokaşanlaryň sany 601 müň adamdan geçdi

Epidemiýa sebäpli berk çäre görýän Azerbaýjan şäherara awtobus gatnawyny çäklendirdi

1386519
Koronawirus ýokaşanlaryň sany 601 müň adamdan geçdi

 

Täze görnüş koronawirus sebäpli dünýäde ýogalanlaryň sany 27 müňden, hasaba alynanlaryň sany 601 müňden geçdi. Koronawirus ýokaşan 131 müň keselli bolsa sagaldy.

Epidemiýa sebäpli berk çäre görýän Azerbaýjan şäherara awtobus gatnawyny çäklendirdi.

Koronawirus sebäpli 4 raýatyny ýitiren Russiýada hem Kowid-19-a garşy göreşiň çäginde berk çäreler görülýär. Russiýanyň iň uly howa ýoly firmasy Aerofladyň çäginde iş alyp barýan Pobeda ähli uçar saparlaryny 31-nji maýa çenli bes etdi.

Özbegistanda halkyň köçä çykmagy çäklendirildi, diňe dükanlara we dermanhanalara gitjeklere rugsat berilýär. Şäherara gara ýoly gatnawa ýapyldy. Käbir şäherlere girmek we çykmak çäklendirildi.

Alžiriň hökümeti epidemiýa garşy görlen çäreleriň çäginde ýene-de 9 welaýatda düýn agşam köçä çykmagy gadagan etdi.

Günorta Afrikadan hem 3 hepde köçä çykmak gadagan edildi.



Degişli Habarlar