"Ýewropa ýurtlaryndaky hassahanalaryň agyr keselliler bölüminde geljek aýyň ortasynda ýer galmaz"

Ýewropa keselleriň öňüni alyş we gözegçilik merkezi duýduryş berdi

1385288
"Ýewropa ýurtlaryndaky hassahanalaryň agyr keselliler bölüminde geljek aýyň ortasynda ýer galmaz"

Ýewropa keselleriň öňüni alyş we gözegçilik merkezi, koronawirus epidemiýasynyň ýaýramagynyň öňü alynman halatynda, Ýewropa ýurtlaryndaky hassahanalaryň agyr keselliler bölüminiň geljek aýyň ortasynda ýeriň galmajakdygy barada duýduryş berdi.

Ýewropa keselleriň öňüni alyş we gözegçilik merkezinden berlen beýanatda “Hassahanalaryň agyr keselliler bölümleriniň sany artdyrylman ýada epidemiýanyň has köp ýaýramagynyň öňüni alynman halatynda Ýewropa ýurtlaryndaky hassahanalaryň agyr keselliler bölüminde aprel aýyň ortasynda ýer galmaz ”diýildi.

Merkezden berlen beýanatda, ÝB-ne agza ýurtlarda we Britaniýada koronawirus epidemiýasy sebäpli hassahanalarda ýer ýetmezçiligi howpynyň ýokardygy, kesellileriň 30 göteriminiň hassahanalarda bejergi alýandygy, 4 göteriminiň bolsa ýagdaýynyň agyrdygy bellenildi.



Degişli Habarlar