Rus harby uçary Garadeňizde heläkçilige uçrady

“Ilkinji maglumata görä, uçar deňize gaçdy"

1385178
Rus harby uçary Garadeňizde heläkçilige uçrady

Rus harby uçary Garadeňizde heläkçilige uçrady

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, ýerli wagt bilen 20.10-da Garadeňizde Krymyň 50 kilometr golaýynda Su-27 kysymly harby uçaryň adaty uçuşynyň çäginde radardan ýitendigi we 1 minut soň uçardan adatdan daşary ýagdaý duýduryşynyň alynandygy nygtaldy.

Sebite gözleg we halas ediş toparynyň ugradylandygy nygtalan beýanatda “Ilkinji maglumata görä, uçar deňize gaçdy. Uçarmanyň tapylmagy üçin geçirilýän gözleg we halas ediş işleri amatsyz howa şertleri sebäpli kynlaşdy” diýildi.

 



Degişli Habarlar