Owganystanda Talibanyň hüjümleri dowam edýär
Owganystanda Talibana agza terrorçylaryň guran hüjüminde 5 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy
1385605

Ýurdyň Kunduz welaýatynyň Şurasynyň başlygy Muhammed Ýusuf Aýýubi, Talibana agza terrorçylaryň Kunduz welaýatynyň Ymam Sahip etrabyndaky harby birikmä hüjüm gurandygyny habar berdi.
Hüjümde 5 howpsyzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny, 3-siniň ýaralanandygyny aýdan Aýýubi, 6 esgeriň bolsa Taliban tarapyndan zamun alynandygyny aýan etdi.
Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen bagly entek beýanat berilmedi.
Degişli Habarlar

Saud Arabystanyna raketaly hüjüm guraldy
Hökümediň resmileri hüjüm bilen baglanşykly beýanat bermediler