Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 21 müň adamdan geçdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani “Şu günden başlap has berk çäreler görülmäge başlandy” diýdi

1385650
Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 21 müň adamdan geçdi

 

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 21 müň adamdan geçdi.

Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 2234 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 29 müň 406 adama ýetdi. Şäherara awtobus gatnawy bes edildi. Koronawirusa garşy ykdysady göreş komissiýasynyň maslahatynda çykyş eden Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani “Şu günden başlap has berk çäreler görülmäge başlandy” diýdi.

Azerbaýjanda Kowid-19 sebäpli ýene-de 1 adam ýogaldy, hasaba alynanlaryň sany bolsa 81 adama ýetdi.

Ysraýylda koronawirus ýokaşanlaryň sany 126 adam artyp 2495 adama ýetdi. Kesellilerden 4-niň ýagdaýy agyr. Premýer ministr Benýamin Netanýahu, ýurtda saglygy goraýyş ulgamynyň çökmegine alada bildirilýändigini aýtdy. Netenýahu halkyň duýduryşlary ýerine ýetirmän halatynda uly betbagtçylygyň başdan geçirlip bilinjekdigini ýatlatdy.

Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Günbatar Şeriada 60 ýaşyndaky keselli ýogaldy. Şeýlelikde Palestinada Kowid-19 sebäpli ilkinji ýitgi çekildi. Günbatar Şeriada Kowid-19 sebäpli hasaba alynan 86 adamdan 17-i sagaldy.

Russiýada Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 840 adama ýetdi.

Ukrainada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 5 adama, hasaba alynanlaryň sany 145 adama ýetdi.

Gyrgyz Respublikasynda Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 44 adama ýetdi.  Prezident Sooronbaý Jeenbekow Halkara pul gaznasyndan maliýe kömegini sorady.

Gazagystanyň Saglygy goraýyş ministrligi koronawirus ýokaşanlaryň sanynyň 17 göterim artyp 97 adama ýetendigini mälim etdi. 65 ýaşyndan ýokardaky halk deputatlarynyň köçä çykmagy gadagan edildi. Karantina alynan Almaty şäherinde dükanlardan, dermanhanalardan we hassahanalardan daşary ähli iş ýerleri ýapyldy.

Özbegistanda Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 9 göterim artyp 65 adama ýetdi, epidemiýa üçin 3 göçme hassahananyň gurluşygyna başlandy.

Gruziýada bolsa koronawirus ýokaşanlaryň sany 77 adama ýetdi.

Ermenistanda ýene-de 25 adama koronawirusyň ýokaşmagy bilen hasaba alynanlaryň sany 290 adama ýetdi. Saglygy goraýyş ministrligi 18 keselliniň sagalandygyny, 272 keselliniň bejergisiniň bolsa dowam edýändigini mälim etdi.

Saud Arabystanynda Kowid-19-a garşy göreşiň çäginede Riýad, Mekge we Medine şäherlerine girilmegi we çykylmagy gadagan edildi.

Yrakda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 31, hasaba alynanlaryň sany 363 adama ýetdi. Koronawirusa garşy görlen çäreleriň çäginde köçä çykmak gadagançylygynyň möhledi ýene-de 15 gün uzadyldy.

Tunisde Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 5 adama ýetdi.

Müsürde 456, Liwanda 333 adam koronawirus sebäpli hasaba alyndy.

Jammu Kaşmirde Kowid-19 sebäpli ilkinji ýitgi çekildi. 11 adam hem hasaba alyndy. Hindistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 9, hasaba alynanlaryň sany 470 adama ýetdi.

Bangladeşde Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 5, hasaba alynanlaryň sany 39 adama ýetdi. Premýer ministr Şyh Hasina epidemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin halkdan daşary çykmazlyklaryny isledi.



Degişli Habarlar