Fransiýa Yrakdaky esgerlerini yzyna çekdi

Fransiýa ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmegindäki terror guramasy DAIŞ-e garşy hyzmatdaş güýçleriniň çäginde iş alyp baran esgerlerini Yrakdan ýurda çekendigini habar berdi

1385232
Fransiýa Yrakdaky esgerlerini yzyna çekdi

Yragyň resmi habarlar agentligi INA-nyň berýän habaryna görä, ýurtdaky demonstrasiýalar sebäpli 29-njy noýabrda wezipesinden çekilen Premýer ministri we Baş serkerde Adil Abdulmehdiniň harby işlerden jogapkär metbugat sekretary Abdulkerim Halef, hyzmatdaş güýçleriniň çäginde DAIŞ-e garşy iş alyp baran fransuz esgerleriň Yragyň territoriýasyndan çekilendigini aýan etdi. 

Abdulkerim Halef, fransuz esgerleriň ýurtdan näme sebäpli çekilendigi barada bolsa jikme-jik maglumat bermedi. 

Çehiýa Respiblikasynyň Goranmak ministrligi hem, düýn barha ýaýbaňlanýan koronawirus howpy we hyzmatdaş güýçlerini nyşana alýan hüjümleriň artmagy sebäpli Yrakdaky harby güýçlerini yzyna çekendigini beýan edipdi. 


Etiketkalar: #DAIŞ , #Yrak , #Fransiýa

Degişli Habarlar