Volkswagen, Russiýadaky fabriklerinde wagtlaýyn önümçiligi bes eder

Volkswageniň Russiýadaky önümçiligi mart aýynyň 30-y bilen aprel aýynyň 10- y aralygynda bes ediler

1384276
Volkswagen, Russiýadaky fabriklerinde wagtlaýyn önümçiligi bes eder

Nemes awtomobil firmasy Volkswagen, Ýewropadan ätiýaç şaý getirtmekde kynşylyk çekýändigi sebäpli Russiýadaky fabriklerinde wagtlaýyn önümçiligiň bes ediljekdigini mälim etdi.

Volkswagen, tarapyndan berlen beýanatda, Russiýadaky önümçiligiň mart aýynyň 30-y bilen aprel aýynyň 10- y aralygynda bes ediljekdigini nygtaldy.

Merkezi Russiýada ýerleşýän AEB bileleşiginiň görkezijilerine görä, ýurtdaky Volkswageniň satuwy geçen ýyl 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2 göterim aşaklap 104 müň ulage çenli pese gaçypdy.



Degişli Habarlar