Russiýanyň Kuril adalary sebitinde ýer titremesi boldy

Russiýanyň gündogarynda ýerleşýän Kuril adalary sebitinde 7,5 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1384505
Russiýanyň Kuril adalary sebitinde ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew guramasy, Kuril adalaryna degişli Sewero diýilen ýeriň 213 km günorta-gündogarynda bolan 7,5 bal ululugyndaky ýer titremäniň, ýeriň 56,7 km aşagynda emele gelendigini habar berdi. 

Ýuwaş okean Sunami merkezi, Sewero, Sahalin we ABŞ-nyň Gawaýi adasy üçin sunami duýduryşyny berdi. 

Russiýa tarapyndan berilen beýanatda, ýer titremeden soň guramaçylykly ýagdaýda işleriň geçirilendigi mälim edilip: "Ilkinji kesgitlemelere görä hadysada ýogalan ýada ýaralanan adam ýok, ýumrulan bina ýok" diýip aýan edildi. 

Takmynan 400 adamyň bolmagy ähtimal sunami sebäpli sebitden howpsyz ýere göçürilendigi mälim edilen beýanatda: "Sewero-Kuril adalary sebitinde ýer titremeden soň başdan geçirilen sunami, takmynan 50 sm beýikliginde boldy. Sunami howpy dowam edýär" diýip aýan edildi. 



Degişli Habarlar