Koronawirus sebäpli çekilýän ýitgiler artýar

Owganystanda NATO-nyň çäginde iş alyp barýan daşary ýurtly 4 esgere koronawirusyň ýokaşandygy habar berildi

1384481
Koronawirus sebäpli çekilýän ýitgiler artýar

Eýranda täze koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 2 müň adama çenli baryp ýetdi. 6 ýaşyndaky çagajygyň koronawirus sebäpli ýogalmagy bütin dünýä täsirini ýetirdi. Ýogalanlaryň arasynda içeri işler müdüri hem bar

Yrakda koronawirus sebäpli ýene-de 4 adam ýogaldy. Ýurtda wirus ýokaşanlaryň sany 316 adama, ýogalanlaryň sany 27 adama ýetdi, 75 adam hem sagaldy.

Gaza sektorynda 1 adam koronawirus sebäpli hasaba alyndy. Kowid-19-a garşy göreşiň çäginde şu günden başlap 2 hepde möhlet bilen ähli metjitler ýapyldy. Koronawirus berk çäre görülmän halatynda 13 ýyldan bäri Ysraýylyň gabawy astynda bolan Gaza üçin has howply bolup biler.

Ysraýylda koronawirus sebäpli ýene-de 3 adam ýogaldy, soňky gezek 274 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy. Şeýlelikde ýurtda koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 1930 adama ýetdi.

Owganystanda NATO-nyň çäginde iş alyp barýan daşary ýurtly 4 esgere koronawirusyň ýokaşandygy habar berildi. Esgerleriň İtaliýadan gelendigi nygtalýar.

Müsürde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 19, hasaba alynanlaryň sany bolsa 366 adama ýetdi.

Marokkoda Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sanynyň 170, ýogalanlaryň sanynyň 5 adama ýetendigi aýdylýar.

Hindistanda Kowid-19 epidemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen halkyň 21 gün möhlet bilen öýlerinden çykmagy gadagan edildi.

Nigeriýa koronawirus sebäpli 4 hepde möhlet bilen gury ýer serhetlerini ýapdy.



Degişli Habarlar