Koronawirus çaltlyk bilen ýaýraýar, adam pidalarynyň bolsa öňi alynyp bilinmeýär

Eýranda ýogalanlaryň sany ýene-de 143 adam artyp, 2077 adama ýetdi

1385028
Koronawirus çaltlyk bilen ýaýraýar, adam pidalarynyň bolsa öňi alynyp bilinmeýär

6 ýaşly çaganyň aradan çykmagy bolsa bütin dünýäde gynanç döretdi. Ýogalanlaryň arasynda içeri işler bölüminiň müdir hem bar. Prezident Hasan Ruhani moronawirus meselesinde 1-nji tolkuny geçendiklerini, emma Nowruz baýramy mynasybetli dynç alyşan giden raýatlaryň yzyna dolanmagy bilen ikinji tolkunyň başlajakdygyny beýan etdi. Ýurtda Covid-19-a garşy görülen çäreleriň çäginde şäherlerden çykmak we syýahat etmek gadagan edildi. Paýtagt Tährandaky sergi merkezlerinde harby goşun tarapyndan 2 adam üçin niýetlenen wagtlaýyn hassahana guruldy. Tähranda Covid-19-a garşy görülen çärelere laýyklykda ýangyç tankerleri bilen howpsyzlyk güýçleriniň we saglygy goraýyş işgärleriniň ulaglardan daşgary ähli ulaglaryň welaýatyň daşyna çykmagy gadagan edildi. Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Ali Ryza Reisi koronawirus epidemiýasy hakynda: “Geçirilen epidemologik barlaglarda Gum şäherinde ýüze çykan hassalahatyň welaýatdaky hytaýlylar bilen aç-açan we doly baglanşyklydygy kesgitlendi” diýdi.

Russiýanyň Wise-premýeri Tatýana Galikowa ýurtda ýene-de 163 adamyň koronawirus sebäpli hasaba alynandygyny, hassalyga ýokaşanlaryň sanynyň 658-ä ýetendigini aýtdy. Ýurtda wirusyň ýokaşmagyna sebäp boljaklara 12,300 dollara barbar jerime salynar we 3 ýyla çenli azatlykdan mahrum ediler. Ertirden başlan başga ýrutdaky rus raýatlarynyň getirilmegi bes ediler. Prezident Wladimir Putin Covid-19 epidemiýasy sebäpli 22-nji apreldäki konstitutsiýa referendumynyň yza süýşüriljekdigini, geljek hepde raýatlaryň zähmet ruhsatly boljakdyklaryny beýan etdi.

Yrakda täze görnüş koronawirus sebäpli ýene-de 4 adamyň ýogalmagy bilen ölenleriň sany 28-e ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 316 adama ýetdi. Hassalykdan gutulanlaryň sany bolsa 75.

Ukrainada ölenleriň sany 4 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 113 adama ýetdi. Ministrler kabineti ýurtda adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan etdi.

Gaza Sekrorynda häzirki wagta çenli 1 adamyň koronawirusa ýolugandygy, sebitde Gaznalar we din işleri ministrliginiň koronawirusa garşy görülýän çärelere alýyklykda ähli metjitleriň şu günden başlap 2 hepdeligine ýapylmagy hakynda karar kabul etdi.

Ysraýylda epidemiýa sebäpli ölenleriň sany 5 adama ýetdi, hasaba alynanlaryň sany bolsa 2 müňden geçdi. Görülýän çärelere laýyklykda hususy ulaglarda 2 adamyň, taksilerde bolsa bir ýolagçynyň syýahat etmegi hakynda düzgün girizildi.

Owganystanda täze görnüş koronawirus sebäpli ölenleriň sany 2 adama, hassalyga ýoluganlaryň sany bolsa 80 adama ýetdi. Ýurtda NATO-nyň çäginde gulluk edýän 4 sany daşary ýurtly esgeriň koronawirusa ýolugandygy habar berildi.

Şol esgerleriň italiandygy habar berilýär. Hyradyň häkimi Abdul Kaýýum Rahimi bolsa şu günden başlap ýurtda köçe çykmagyň gadagan ediljekdigini habar berdi.

Birleşen Arap Emirliklerinde ýene-de 50 adamyň hassalyga ýolugandygy, häzirki wagta çenli jemi 248 adamyň hasaba alynandygy, şolardan 45 sanysynyň sagalandygy mälim edildi.

Katarda ýene-de 24 adamyň hassalyk sebäpli hasaba alynandygy, jemi wirusa ýoluganlaryň sanynyň bolsa 526 adama ýetendigi habar berildi.

İordaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýurtda ýene-de 26 adama koronawirusyň ýokaşandygyny, jemi hasaba alynanlaryň sanynyň bolsa 153 adama ýetedigini beýan etdi.

Wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 19-a, hasabanlaryň alynanlaryň sany 402-ä ýeten ýurdy bolan Müsüriň hökümeti ýerli wagt boýunça 19:00-06:00 aralygynda köçä çykmagyň gadagan ediljekdigini habar berdi.

Marokkoda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 5-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 170 adama ýetdi.

Liwiýada Hassalyklara garşy göreş boýunça Milli merkeziň sosial media sahypasynda ýerleşdirilen beýannamada 1 adamyň koronawirusa ýolugandygy habar berildi. Şeýlelikde ýurtda ilkinji waka hasaba alyndy.

Hindistanda Covid-19 epidemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin halkyň 21 günüň dowamynda öýden çykmagy gadagan edildi.

Saud Arabystanynda Riýad, Mekge we Medine şäherleriniň karantin yglan edilmegi hakynda buýruk berildi. Saud Arabystanynyň hökümeti koronawirusa garşy göreşmek üçin G20-niň döwürleýin başlygy hökmünde agza ýurtlaryň liderleri bilen penşenbe güni nobatdan daşary wideoşekilli maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi.

Malaýziýanyň hökümeti epidemiýa garşy yglan eden “gündelik işleri çäklendiriş” düzgüniniň möhletini 14-nji aprele çenli uzaltmak hakynda karar kabul etdi. Ýurtda adam pidasy 17-ä, hasaba alynanlaryň sany bolsa 1796 adama ýetdi.

Filippinde bolsa wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 38-e, ýoluganlaryň sany 636 adama ýetdi.

Bangladeşde 4 adamyň ýogalandygy, 39 adamy hasaba alynandygy habar berildi. Ýurtda gara ýoly gatnawy 26-nji martdan 4-nji aprele çenli togdadyldy.

Nigeriýa epidemiýa garşy göreşiň çäginde ähli guryýer serhetlerini 4 hepde möhlet bilen ýapdy. Pildişi kenarlaryndan düýn agşamdan başlan ýerli wagt boýunça 21:00-05:00 aralygynda köçä çykmak gadagan edildi.

Afrikada koronawirus sebäpli adam pidasy 65-e, wirusa ýoluganlaryň sany 2,412 adama ýetdi.

Materigiň günbataryndaky Kabo Werde döwletinde ilkinji adam pidasy boldy.

Sierra Leonda täze görnüş koronawirusyň hasaba alynandygyna garamazdan ýurtda 12 aý möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni yglan edildi.



Degişli Habarlar