Eýranda ýuwujy we dezinfisirleýän serişdeler sebäpli 3 adam ýogaldy

Eýranda ýuwujy we dezinfisirleýän serişdeleriň ýapyk ýerde ulanylmagy sebäpli zäherlenen 3 adam ýogaldy

1384542
Eýranda ýuwujy we dezinfisirleýän serişdeler sebäpli 3 adam ýogaldy

Şehrikurd Saglygy goraýyş ylymlary uniwersitediniň rektory Mejid Şirani, ISNA habarlar agentligine beren beýanatynda, soňky günlerde täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy görülýän çäreleriň çäginde iň köp sarp edilýän ýuwujy we dezinfisirleýän serişdeleriň, Çaharmahal-Bahtiýary welaýatynda ýapyk ýerde ulanylmagy sebäpli zäherlenen 3 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Şirani, welaýatda ýuwujy we dezinfisirleýän serişdelerden zäherlenýän adamlaryň sanynyň barha artýandygyny beýan etdi. 

Eýranda Kovid-19-dan goraýandygy öňü sürülip, ulanylan ýasama spirtli içgilerden zäherlenen adamlaryň sany 1 müňden geçip, şol sebäpli ýogalan adamlaryň sany 219-a ýetdi. 



Degişli Habarlar