BSGG ABŞ-nyň Covid-19-yň täze merkezine öwrülip biljekdigini beýan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Metbugat sekretary Margaret Harris täze görnüş koronawirus Covid-19 epidemiýasynyň täze merkeziniň ABŞ bolup biljekdigini aýtdy

1384738
BSGG ABŞ-nyň Covid-19-yň täze merkezine öwrülip biljekdigini beýan etdi

BSGG-nyň Metbugat sekretary Harris soňky 24 sagatda Ýewopada we ABŞ-da hasaba alynan koronawirus ýokaşan adamlaryň sanynyň bütin dünýäde hasaba alynanlaryň 85 göterimine deňdigini belläp, ABŞ-nyň epidemiýanyň merkezine öwrülip biljekdigini aýtdy.

Harris BMG-niň Ženewadaky ofisinde wideo şekilli geçirilen metbugat ýygnagynda beren beýanatynda Covid-19 epidemiýasy sebäpli dünýä boýunça ýogalanlaryň sanynyň ýokary mukdarda artjakdygyny duýrdurdy.

Epidemiýanyň çaltlyk bilen ýaýramaga dowam edýändigine ünsi çeken Harris: “Günbatar Afrikada başdan geçirilen ebola epidemiýasynda 11 müň adam 2 ýylda pida bolupdy, ine şol sebäpli hakykatdan hem ägirt uly epidemiýany başdan geçirýäris” diýdi.

Harris Ýewropanyň we ABŞ-nyň epidemiýanyň iň köp hasaba alynýan sebitlerine öwrülendigini nygtap: “Soňky 24 sagatda hasaba alynanlaryň 85 göterimi Ýewropada we ABŞ-da. Şolaryň 40 göterime golaýy ABŞ-da” diýdi.

Käbir ýurtlaryň köçä çykma gadagançylygy we karantin ýaly çäreleriniň epidemiýanyň ýaýramagynyň depginini gowşadyp biljekdigine ünsi çeken Harris, şeýle çäreleriň saglygy goraýyş edaralaryna we işgärlerine hem wagt taýdan peýdaly boljakdygyny aýtdy.

Harris ABŞ-da Covid-19 ýokaşýan adamlaryň sanynyň günsaýyn artýandygyny görýäris. Şeýlelikde bu potensial bar” diýdi.

BSGG-nyň baş Direktory Tedros Abhanom Gebreýesus 13-nji martda beren beýanatynda Ýewropanyň Covid-19 epidemiýasynyň merkezine öwrülendigini beýan edipdi.


Etiketkalar: #merkez , #ABŞ , #epidemiýa , #BSGG , #Covid-19

Degişli Habarlar