Türkiýe Kolumbiýa 26 müň koronawirus kesgitleýän enjam ugratdy

Kolumbiýa Türkiýeden ugradylan 26 müň sany täze koronawirus kesgitleýiş enjamynyň gelip gowuşandygyny beýan etdi

1383907
Türkiýe Kolumbiýa 26 müň koronawirus kesgitleýän enjam ugratdy

Kolumbiýanyň Milli azyk we Derman gözegçilik İnstitutyndan berilen beýannamada Covid-19 diagnozlarynyň has çalt goýulmagy üçin Türkiýden ýekşenbe güni 26 müň test enjamynyň ýurda gelip gowuşandygyny habar berdi.

İnstitutyň Direktory Žulio Sezar Aldana Türkiýäniň hökümetine beren goldawy üçin sagbolsun aýdyp: “Türkiýäniň hökümeti döwlet Ýolbaşçysy İwan Dogueniň we edaramyzyň saýasynda Covid-19-yň diagnozyny has gysga möhletde goýarys” diýdi.

Kolumbiýanyň Daşary söwda ministriniň orunbasary Laura Waldiwieso bolsa Türkiýäniň goldawy saýasynda Covid-19-a garşy göreşde test mümkinçiliginiň artjakdygyny beýan etdi.

İlaty 50 milliona golaýlan ýurtda häzirki wagta çenli koronawirus sebäpli 235 adam hasaba alyndy. Ýurtda wirus sebäpli 3 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar