ÝB Hytaýa minnetdarlyk bildirdi

ÝB täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde iberen lukmançylyk enjamlary sebäpli Hytaýa minnetdarlyk bildirdi

1380803
ÝB Hytaýa minnetdarlyk bildirdi

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen, Twitterden beren beýanatynda, Hytaýyň Premýer ministri Li Kyçiang bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar berdi.

Li Kyçiangyň Ýewropa Bileleşigine 2 million maska, 200 müň N95 maska we 50 müň test ugratjakdygyny aýdandygyny habar beren Ursula fon der Laýen, ÝB-nyň hem ýanwar aýynda 50 tonnadan gowrak lukmançylyk enjamyny iberendigini ýatlatdy.

Ursula fon der Laýen: "Şu gün Hytaýa minnetdardyrys. Mätäçlik çekýän mahalymyz biri-birimiziň goldawyna mätäçligimiz bar" diýip belledi. 


Etiketkalar: #koronawirus , #Hytaý , #ÝB

Degişli Habarlar