Eýranda ýasama spirtli içgiler sebäpli ýogalýan adamlaryň sany köpelýär

Eýranda ýasama spirtli içgiler sebäpli 6-njy martan bäri ýogalan adamlaryň sany 180-e ýetdi

1381243
Eýranda ýasama spirtli içgiler sebäpli ýogalýan adamlaryň sany köpelýär

ISNA habarlar agentligine beýanat beren Pars welaýatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar merkeziniň başlygy Muhammed Jewad Muradiýan, welaýatda 6-njy martdan bäri ýasama spirtli içgiler sebäpli 427 adamyň zäherlenenip, hassahanalara ýüz tutandygyny habar berdi. 

Şu günki güne çenli zäherlenen 427 adamyň 65-siniň ýogalandygyny aýdan Muradiýan, 14 adamyň saglyk ýagdaýynyň bolsa agyrdygyny aýan etdi. 

Muradiýan: "Gynansagam sosial mediada spirtli içgileriň koronawirusy kontrol edip biljekdigi baradaky öňe sürmeler bu ýagdaýyň döremegine sebäp bolýar" diýip beýan etdi. 

Beýleki tarapdan Pars welaýatynda razwedka gulluklarynyň soňky birnäçe günüň dowamynda geçiren operasiýalarynda 50 müň litr alkogolyň ele salynandygy we öndürijidigi we paýlaýjydygy kesgitlenen köp sanda adamyň göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi. 

Ýurdyň Pars welaýatynda adam ýitgileriniň artmagy bilen Eýranda ýasama içgiler sebäpli ýogalan adamlaryň sany 180-e ýetdi. 



Degişli Habarlar