Nigerde Boko Harama agza 50 terrorçy öldürildi

Boko Harama agza terrorçylar düýn gije Tommour şäherindäki harby merkeze agyr ýaraglar bilen hüjüm gurady

1379503
Nigerde Boko Harama agza 50 terrorçy öldürildi

 

Nigeriň günorta gündogarynda harby güýçler bilen terror guramasy Boko Haramyň arasynda bolan çaknyşykda 50 terrorçy öldürildi.

Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýanatda, Boko Harama agza terrorçylaryň düýn gije Tommour şäherindäki harby merkeze agyr ýaraglar bilen hüjüm edendigi nygtaldy.

Beýanatda esgerleriň hüjümi yza serpikdirendigi we 50 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirendigi bellenildi.

Hüjümden soň terror guramasy Boko Harama garşy giň gerimli operasiýa başladyldy.

Boko Haramyň geçen hepde agyr ýarag ýüklenen 20 ulag bilen guran hüjüminde 8 esger ýogalypdy, 3 esger hem ýitipdi.


Etiketkalar: #çaknyşyk , #Boko Haram , #Niger

Degişli Habarlar