Eýranda koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 194-e ýetdi

Muhammed Jewad Zarif, Twitterden beýanat berdi

1374201
Eýranda koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 194-e ýetdi

Eýranda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 49 adamyň ýogalmagy bilen, wirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 194-e ýetdi, koronawirus ýokan adamlaryň sany bolsa 6 müň 566-a ýetdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif, ABŞ-nyň birtaraplaýyn sanksiýalarynyň ýurtdaky täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş üçin gerek bolan çeşmeleri bitirendigini habar berdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif, Twitterden beren beýanatynda: “Raýatlarymyz ölýän mahaly Donald Tramp, Eýranyň Kowid-19-a garşy göreş üçin zerur bolan çeşmeleri bitirmek maksady bilen ABŞ-nyň bikanun sanksiýalaryny betniýetli bir ýagdaýda ulanýar. Dünýä, ABŞ-nyň ykdysady terrory saglygy goraýyş terroryna öwürýän mahaly mundan beýläk sessiz galmaly däl” diýip belledi.

Beýleki tarapdan Yragyň Gümrük geçelgeleri edarasy, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen ýurdunyň Eýran bilen bolan 5 gury ýer gümrüklerini 15-nji marta çenli ýapandygyny habar berdi.

Yrakda bolsa täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 5-e ýetdi.



Degişli Habarlar