“Ruslaryň we Asadyň Idlibde ýeňiş gazanjakdygyna ynanmaýaryn”

ABŞ-nyň Siriýa boýunja ýörite wekili Jeffri, Ruslaryň we Asadyň Idlibde ýeňiş gazanjakdygyna ynanmaýandygyny aýtdy

1373810
“Ruslaryň we Asadyň Idlibde ýeňiş gazanjakdygyna ynanmaýaryn”

 

ABŞ-nyň Siriýa boýunja ýörite wekili Jeýms Jeffri “Ruslaryň we Asadyň Idlibde ýeňiş gazanjakdygyna ynanmaýandygyny aýtdy.

JBS Nýus kanalyna beýanat beren Jeffri, Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň ozal hem Russiýanyň ýardam bermeginde oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerleri alandygyny emma Idlibiň tapawutlydygyny belledi.

Jeffri “Ruslaryň we Asadyň Idlibde ýeňiş gazanjakdygyna ynanmaýaryn, sebäbi türkler yza çekilip bilmez. 4 million siriýaly bosguny kabul eden Türkiýe ýene-de 3 million bosguny kabul edip bilmez. Serhetde başdan geçirilýän wakalar hem muny açyk aýdyn görkezýär. Şol sebäpli hem hüjümleriň bes edilmegi üçin harby güýçler güýç ulanmaly bolar” diýdi.

Russiýanyň, ABŞ-nyň ylalaşyk üçin hödürlän teklibini kabul etmändigini we harby ýeňiş gazanmak isleýändigini aýdan Jeffri “ Türkleriň hem nygtaýşy ýaly biz hem hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň yzygiderli bolmagyny isleýäris we ylalaşyga goldaw berýäris” diýip belledi



Degişli Habarlar