Eýranly halk deputaty Fatma Rehber koronawirus sebäpli ýogaldy

Koronawirus sebäpli Eýranda häzire çenli 124 adam ýogaldy

1373826
Eýranly halk deputaty Fatma Rehber koronawirus sebäpli ýogaldy

 

Eýranyň ýarym resmi Tesnim habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Kowid 19 sebäpli bejergi astyna alynan halk deputaty Fatma Rehber hassahanada ýogaldy.

21-nji fewralda geçirlen saýlawlarda Tähran şäherinden halk deputatlygyna saýlanan 56 ýaşyndaky Fatma Rehber, Yslamy koalisiýa partiýasynyň agzasydy.

Eýranda 24 halk deputaty Kowid-19 sebäpli hasaba alnypdy

Koronawirus sebäpli Eýranda häzire çenli 124 adam ýogaldy.

 



Degişli Habarlar