Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 145 adama ýetdi
Wirus ýokaşanlaryň sany 1076 adam artyp 5823 adama ýetdi
1373904
Eýranda koronawirus sebäpli ýene-de 21 adamyň ýogalmagy bilen birlikde Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 145 adama, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 5823 adama ýetdi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy Kiýanus Jihanpur, soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýene-de 21adamyň ýogalandygyny aýtdy.
Jihanpur wirus ýokaşanlaryň sanynyň 1076 adam artyp 5823 adama ýetendigini belledi.
Tahran, Gilan, Gum, Mazenderan ýaly şäherlerde 1669 adamyň bejergisiniň tamamlanandygyny ýatlatdy.
Degişli Habarlar

Germaniýada musulmanlara saýlawlarda ses bermek barada çagyryş berildi
Germaniýada Federal mejlis saýlawlary 26-njy sentýabrda geçiriler