ÝB, Türkiýe we Russiýa bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaly

"Türkiýe Liwiýadaky krizisde uly rol oýnaýar"

1373267
ÝB, Türkiýe we Russiýa bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaly

 

ÝB-niň daşarky syýasatdan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrell, ÝB-niň Türkiýe we Russiýa bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrmalydygyny aýtdy.

ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahaty, ÝB Geňeşiniň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän Horwatiýanyň paýtagty Zagrepde geçirildi.

ÝB-niň daşarky syýasatdan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrell, maslahatdan soň beren beýanatynda, Zagrepde şu gün geçiriljek Daşarky gatnaşyklar geňeşiniň maslahatynda Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän wakalar hakynda kararyň kabul ediljekdigini, mundan başgada ÝB-niň Türkiýe we Russiýa bilen edýän gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

ÝB-niň, Türkiýe we Russiýa bilen edýän gatnaşyklarynyň dartgynlydygyna ünsi çeken Borrell, “Türkiýe we Russiýa bilen edýän gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrmalydyrs” diýdi.

Borrell, Türkiýäniň Liwiýadaky krizisde uly rol oýnaýandygyny nygtady we şu gün kabul ediljek kararyň ÝB-niň bu meselelerdäki anyk tutumyny beýan etjekdigini belledi.


Etiketkalar: #kadalaşmak , #Russiýa , #ÝB

Degişli Habarlar