Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 124 adama ýetdi

Eýranyň Siriýadaky ozalky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi koronawirus sebäpli ýogaldy

1373260
Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 124 adama ýetdi

Eýranda koronawirus sebäpli ýene-de 17 adam ýogaldy. Ýurtda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 124, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 4747 adama ýetdi

Eýranyň Siriýadaky ozalky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hüseýin Seýhulislam koronawirus sebäpli ýogaldy

Koronawirus ýokaşan halk deputaty Yslamy koalisiýa partiýasynyň agzasy Fatma Rehberiň hem ýagdaýy agyr.

Eýranda wirus ýokaşan halk deputatlarynyň sany 24-e ýetdi.

Ýurduň syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Mazenderan we Gülan welaýatlary Kowid-19 sebäpli syýahatçylara ýapyldy.

Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada 7 palestinala koronawurysyň ýokaşandygy anyklanyldy.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi düýn bir myhmanhananyň işgärleriniň koronawirus sebäpli hasaba alynmagyndan soň Günbatar Şeriada adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Beýtüllahim we Eriha şäherlerinde mekdepler, çagalar baglary we metjitler bilen buthanalar 14 gün möhlet bilen ýapyldy.

Saud Arabystany koronawirus sebäpli Käbäniň bir böleginiň ýapyljakdygyny diňe Haram metjidinde namaz okaljakdygyny habar berdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar