Dünýänin 3 milliard ýyl ozal okean bilen gurlaşandygy çaklanylýar

Bu çaklama Kolorado uniwersitetiniň alymlarynyn geçiren barlaglaryna esaslanýar

1372014
Dünýänin 3 milliard ýyl ozal okean bilen gurlaşandygy çaklanylýar

Kolorado uniwersitetiniň alymlary planetada 3 milliard ýyl ozal bir materigiň bolman biljekdigini ýüze çykaran barlaglarynyň çäginde Awstraliýanyň demirgazyk günbatarynda geologik taýdan möhüm bolan sebitdäki gaýalary analiz etdiler.

Netijeleri “Nature Geoskaýnis” žurnalynda çap edilen barlagda dünýäniň iňňän irki döwürde nähili görünýändigine göz ýetirmek üçin “gidrotermal geohimiýadan” peýdalanyldy.

Barlag toparynyň ýolbaşçysy Benžamin Jonson: “gadymy döwürlerde deňiz suwy bilen utgaşykly hereket eden we şol utgaşyklygy ýadynda saklap galan gaýalarda” gysylyp galan tapawutly kislorod izotoplaryny tapmaga synanşýandyklaryny aýtdy.

Topar 3,2 milliard ýyllyk okean düýbüniň gatlagynyň ýerleşýäň zolagyndan alynan 100-den gowrak mysalda esasanda Kislorod-18iňwe has ýeňil kislorod-16-nyň izotoplarynyň göwrümlerini hasaplady.

Netijeler gatlagyň düzüminde 3,2 milliard ýyl ozal garaşylýanyndan has köp Kislorod-18-iň bardygyny ýüze çykaran bolsa, hünärmenler şol döwürde dünýäde materik bar bolanda gatlaklardaky Kislorod-18-iň mukdarynyň has az boljakdygyny, sebäbi materikdäki toýunyň has agyr bolan şol izotopy soguryp aljakdygyny öňe sürýär.

Jonson tapyndylara laýyklykda şol döwürde ýer şarynda kontinental topragyň emele gelmändigi netijesine barandyklaryny beýan etdi.


Etiketkalar: #toprak , #gurlaşmak , #okean , #dünýä

Degişli Habarlar