Eýranda wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 77 adama ýetdi

Abdurryza Mysri 23 halk deputatyna wirusyň ýolugandygyny aýtdy

1371047
Eýranda wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 77 adama ýetdi

Eýranda koronawirus sebäpli ýene-de 11 adam ýogaldy.

Koronawirus sebäpli ýene-de 11 adamyň ýogalmagy bilen Eýranda wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 77, wirus ýoluganlaryň sany bolsa 2336 adama ýetdi.

Mejlisiň başlygynyň orunbasary Abdurryza Mysri 23 halk deputatyna wirusyň ýolugandygyny aýtdy.

Mysri “Halk deputatlaryna wirus sebäpli wagtlaýyn raýatlar bilen duşuşmazlyklaryny maslahat berýäris” diýdi.

Ýurtda wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen 54 müň tussaglynyň wagtlaýyn öýlerine ugradylandygy nygtaldy.

 



Degişli Habarlar