Eýranda 23 halk deputaty koronawirusa ýolukdy

Eýranyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Abdurryza Mysri 23 halk deputatynda koronawirusyň ýokaşandygyny beýan etdi

1371011
Eýranda 23 halk deputaty koronawirusa ýolukdy

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň Ýaş žurnalistler klubynyň habar bermegine görä Mysri paýtagt Tähranda Mejlise ýokaşan Kowid-19 epidemiýasy hakynda maglumat berdi.

Mysri: “Häzirki wagta çenli 23 halk deputatynyň korona testi pozitiw çykdy” diýdi.

Şol halk deputatlarynyň halk bilen ýakyn gatnaşyk edýandigine we wirusyň şol sebäpli ýokaşan bolmagynyň ähtimalydygyny nygtan Mysri; “Özlerine ýetjek zeperiň öňüni almak üçin halk deputatlaryna raýatlar bilen duşuşmazlygy maslahat berýäris” diýdi.

Mysri Mejlisiň işleriniň dowam etjekdigini, emma halk deputatlarynyň raýatlar bilen duşuşyklarynyň wagtlaýynça bes edilendigini aýtdy.

Beýleki tarapdan Eýranda kowid-19 sebäpli ýene-de 11 adam ýogaldy we jemi ölenlerin sany 77-ä, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2,336 adama ýetdi.



Degişli Habarlar