Grek howpsyzlyk güýçleri Türkiýe serhedinde garaşýan migrantlara garşy aşa güýç ulandy

Migrantlylaryň bir bölegi ähli garşylyklara garamazdan serhedi geçmegi başardy

1370051
Grek howpsyzlyk güýçleri Türkiýe serhedinde garaşýan migrantlara garşy aşa güýç ulandy
yunanistan gocmenler mudahale2.jpg
yunanistan gocmenler mudahale1.jpg
yunanistan gocmenler mudahale.jpg

Gresiýanyň howpsyzlyk güýçleri Ýewropa gitmek üçin Türkiýe serhedinde garaşýan migrantlara garşy aşa güýç ulandy.

Kastanies gümrük geçelgesiniň önünde dikenli simler bilen barrikada guran grek howpsyzlyk güýçleri, barrikadalaryň arkasyna hem howpsyzlyk güýçlerini ornaşdyrdy.

Grek howpsyzlyk güýçleri barrikadalaryň öňünde garaşýan migrantlara garşy gözüňi ýaşadýan bomba atdy, wakada köp sanly migrant ýaralandy.

Pazarkule gümrük geçelgesiniň golaýynda hem köp sanly migrantyň bardygyny gören grek howpsyzlyk güýçleri, migrantlara garşy gözüňi ýaşardýan bomba bilen plastiki gülle ulandy.

Migrantlylaryň bir bölegi ähli garşylyklara garamazdan serhedi geçmegi başardy.

Grek howpsyzlyk güýçleri serhetde garaşýan migrantlara garşy ýary gije hem gözüňi ýaşardýan bomba ulandy.

Bäbejikler bilen birlikde serhetde garaşýan migrantlara Türkiýe tarapyndaky tiz kömek ulaglaryndaky lukmanlar kömek berdi.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #serhet , #migrant , #Gresiýa

Degişli Habarlar