"Rus güýçleri türk esgerlerine garşy hiç hili operasiýa guramady"

Türk esgerleri Siriýanyň harby uçarlary tarapyndan bombalandy

1367951
"Rus güýçleri türk esgerlerine garşy hiç hili operasiýa guramady"

 

Russiýa, Siriýanyň Idlib welaýatynda Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan we 33 esgeriň şehit bolmagyna sebäp bolan hyýanatçylykly hüjümden soň beýanat berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda “barylmaly däl ýere baran” türk esgerleriniň Siriýanyň harby uçarlary tarapyndan bombalanandygy nygtaldy.

Beýanatda, türk esgerleriniň bombalanan ýerinde rus uçarlarynyň ýokdygy nygtaldy

Rus güýçleriniň türk esgerlerine garşy hiç hili operasiýa guramandygy bellenildi.

Beýanatda “Türkiýäniň çeken ýitgilerinden soň hüjümleri bes etmäge taýar”diýildi.

 



Degişli Habarlar