Germaniýa Idlibde türk esgerlerine guralan hüjümi ýazýardy

“33 esgeriň şehit bolmagyna, 32 esgeriň ýaralanmagyna sebäp bolan türk harby merkezine guralan hüjümi ýazgarýarys”

1368780
Germaniýa Idlibde türk esgerlerine guralan hüjümi ýazýardy

 

Nemes hökümetiniň metbugat sekretary Steffen Seibert, Siriýanyň Idlib welaýatynda iş alyp barýan türk esgerlerine garşy guralan hüjümi ýazýardy.

Seibert, Berlinde beren beýanatynda, Siriýanyň demirgazyk günbatarynda esasan Idlib welaýatynda başdan geçirilýän soňky harby dartgynlygyna uly alada bildirýändiklerini nygtap, “33 esgeriň şehit bolmagyna, 32 esgeriň ýaralanmagyna sebäp bolan türk harby merkezine guralan hüjümi ýazgarýarys” diýdi.

Hüjümiň sebitde dartgynlygyň möwjeýändigini we Idlibde hüjümleriň gyssagly bes edilmelidigini görkezýändigini aýdan Seibert, bu mesele boýunja syýasy gepleşikleriň geçirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

 

 

 



Degişli Habarlar